Samsung täze eplenýän smartfon oýlap tapdy

  • 20.12.2021 23:44
  • 13k+

Samsung eplenýän we çekip çykarylýan ekrany bolan telefony oýlap tapdy. Bu barada “91Mobiles” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Degişli patent Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) bazasynda ýüze çykaryldy. Resminamalara laýyklykda, enjamyň displeýi çekip çykarmaga mümkinçilik berýän gurluşy bar. Şeýle hem maýyşgak ekrany zerur bolan ýagdaýynda eplemek bolýar. Ýygnalan halatynda gurluş ykjam göwrüme eýe bolýar, ýöne açylanda ol planşet hökmünde ulanylyp bilner.

Žurnalistler koreý korporasiýasynyň inženerleriniň, ähtimal, şeýle gibrid dewaýsy ilkinji gezek döredendigini belleýärler. “Aýratyn gurluş uly ekrany wideo görmek we oýun oýnamak üçin ulanmaga mümkinçilik berer” – diýip, awtorlar bellediler. Displeýiň çekilip çykarylmagyna öňki paneli itekleýän we açýan ýörite mehanizm jogap berýär.

Geljekki smartfon barada goşmaça maglumatlar aýan edilmeýär. Awtorlaryň aýtmagyna görä, patent WIPO-nyň bazasynda iýun aýynda peýda boldy, ýöne gurama ony ýylyň ahyrynda neşir etdi. Žurnalistler enjamyň aýratyn gurluşy heniz patent almak tapgyrynda diýen netijä geldiler. 


şu gün 08:32
1.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....