Şwesiýada adamyň derisine COVID-pasportly çipler ornaşdyrylyp başlandy

  • 20.12.2021 23:50
  • 16k+

Şwesiýada raýatlaryň derisine COVID-pasportly çipler ornaşdyrylyp başlandy. Bu barada gazeta.ru habar berýär. 

Implant Epicenter kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Tüwi dänesinden uly bolmadyk çip deriniň aşagyna şprisiň kömegi bilen girizilýär. Bu iş birnäçe sekunt dowam edýär, ol agyrysyz we işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, howpsuzdyr. Zerur bolan ýagdaýynda implanty aýyrmak bolýar.

Çiplerde galtaşyksyz töleglerde kredit kartlaryndaky ýa-da ykjam telefonlardaky ýaly Near Field Communications (NFC) tehnologiýasy ulanylýar. Implantatlar beýleki gurluşlaryň okap biljek maglumatlaryny saklaýarlar, ýöne şeýle çipler maglumatlary özbaşdak okap bilmeýärler. Çipden uly göwrümli bolmadyk maglumatlary ýakyn aralykda okap bolýar, maglumatlar elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen iberilýär.

Bu tehnologiýanyň özi täze däldir, ýöne deriniň aşagyna ornaşdyrylyp bilinjek mikroçipler derrew peýda bolmady. Epicenter 2015-nji ýyla çenli gurluşyň iş wersiýalaryny döretdi. Teoriýada çip kredit karty, açar hökmünde ulanylyp ýa-da onuň kömegi bilen printer dolandyrylyp bilner.

Epicenter implanty başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky derä ornaşdyrylýar. Ýöne Aftonbladet tarapyndan ýerleşdirilen wideoda görkezilişi ýaly, çibi bedeniň dürli bölekleriniň derisiniň aşagyna ýerleşdirmek bolar. 

AFP-niň maglumatlary boýunça, 2015-nji ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda 3 müňe golaý şwesiýaly bedenine kiçijik çipleri goýdy. Dekabrda Şwesiýada eýýäm 6 müňe golaý adamyň özüne çip oturdandygy habar berildi. 


02.06.2026 17:40
6.4k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

22.07.2025 12:37
6k+

Hytaý we Şwesiýa 350 aýlawdan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän batareýa döretdiler

Hytaýly we şwesiýaly alymlar batareýalaryň geljegini düýpgöter üýtgedip biljek täze F-QSCE30 elektrolitini oýlap tapdylar. Ol 60 gradus Selsiýada 350 gezek zarýad berliş-zarýad çöküş aýlawyndan soň batareýanyň kuwwatynyň 100%-ini diýen ýaly saklamaga we 4000 sagatdan gowrak peselmezden durnukly işlemäge mümkinçilik berdi...

düýn 15:53
972

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

düýn 12:29
1.1k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......