Begenç Çaryýew 2021-nji ýylyň "Parlak ýyldyzy" boldy

  • 20.12.2021 18:31
  • 20k+

18-nji dekabrda Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy, olara deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler has köp ses berdiler. 

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşigiň maksady ýaşlaryň arasynda döredijilik işjeňligini hem-de başlangyjy höweslendirmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi eminlere aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şunlukda, ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi hem-de “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna mynasyp boldy. Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme Kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......