Apple hususy prosessorlaryna geçer

  • 19.12.2021 19:41
  • 3.1k+

Apple kompaniýasy iPhone, Mac we beýleki gajetlerde başga prosessorlary ulanmakdan ýüz öwürmekçi bolýar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, Trend belleýär.

Agentligiň hasabatynda amerikan kompaniýasynyň prosessor hataryny giňeltmek bilen meşgullanjak onlarça hünärmeni işe aljakdygy aýdylýar. Kompaniýa gajetleriniň önümçiliginde başga üpjün edijilerden doly garaşsyz bolmagy we hususy böleklerine geçmegi maksat edinýär. Esasy çiplerden başga-da, Apple-iň ýolbaşçylygy häzirki wagtda Broadcom we Skyworks Solutions kompaniýalary tarapyndan iberilýän simsiz enjamlaryň ornuny tutujyny çykarmak isleýär. 

Žurnalistler Apple-iň smartfonlarynyň, planşetleriniň we kompýuterleriniň kompaniýanyň içinde taýýarlanylan A we M seriýalarynyň çipleri bilen ýola goýulýandygyna ünsi çekdiler. Şeýle-de, iPhone-da we beýleki gurluşlarda U1 prosessory bar, H1 çibi AirPods gulaklyklaryna ses çeşmesi bilen ygtybarly birikmäge mümkinçilik berýär.

Hünärmenler ýakyn ýyllarda Apple dewaýslarynda beýleki çipleri öndürijileriň hyzmatlaryndan doly ýüz öwrüp biler diýip hasaplaýarlar. Korporasiýa 2020-nji ýylda Mac kompýuterleri üçin prosessorlary iberýän Intel bilen hyzmatdaşlyk etmegi bes etdi.


düýn 15:00
985

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......

22.03.2026 12:15
1.6k+

Tim Kuk: Mac kompýuterlerini ilkinji gezek satyn alan müşderileriň sany hepdelik rekordy täzeledi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk geçen hepdede ilkinji gezek Mac kompýuterini satyn alan ulanyjylaryň sany boýunça rekord goýlandygyny mälim etdi. Islegiň artmagy geçen hepde dükanlara çykarylan täze MacBook Neo modeliniň satuwa başlamagy bilen gabat geldi...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...