Nurmagomedow Porýeni öz promouşenine çagyrdy

  • 18.12.2021 23:15
  • 24k+

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Dastin Porýe, eger Absolýut söweş çempionatyndan (UFC) çyksa, özi bilen habarlaşmagy teklip etdi. Bu barada ESPN MMA habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

33 ýaşly Nurmagomedow Porýe Eagle FC promouşenine geçmegi teklip etmäge taýýardygyny aýtdy. “Eger UFC Dastinden aýrylsa, Habib bilen Eagle FC hemişe şu ýerde” – diýip, ol belledi.
Öň, Eagle FC-niň düzümine UFC-de çykyşlary bilen tanalýan söweşijileriň goşulandygy belli boldy. Bular Renan Barao bilen Raşad Ewansdyr. Şeýle-de, bu gurama Kewin Li goşuldy.
Ýanwar aýynda Eagle FC ABŞ-nyň çäginde ilkinji ýaryşy geçirer. Esasy söweşde russiýaly agyr agramly söweşiji Sergeý Haritonow we niderlandly Taýron Spong duşuşar.
Nurmagomedow karýerasyny tamamlandan soň, Gorilla Fighting Championship promouşenini satyn aldy we ony Eagle Fighting Championship ady bilen täzeden işe girizdi. 


düýn 23:43
4.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......