UFC soňky ýaryşdan we Porýe gidenden soň ýeňil agramda söweşijileriň reýtingini täzeledi

  • 24.07.2025 14:16
  • 11k+

UFC-niň metbugat gullugy 20-nji iýulda Täze Orleanda (Luizina ştaty, ABŞ) geçen UFC 318 ýaryşynyň jemi boýunça söweşijileriň reýtinglerini täzeledi.

Ýeňil agramly söweşijileriň täzelenen sanawyndan karýerasyny tamamlan amerikaly Dastin Porýe aýryldy. Bu aşaky orunlary eýelän söweşijileriň bir orun ýokary galmagyna getirdi. Porýeden üstün çykan Maks Holloueý dördünji orna çykyp, Jastin Getjini bäşinji orna düşürdi.
Ýeňil agramly söweşijileriň arasynda çempion - ýeňilmedik gruziýa-ispaniýaly söweşiji Iliýa Topuriýa bolup galýar.
Ýeňil agramda söweşijileriň top-15-i:

  1. Islam Mahaçew
  2. Arman Sarukýan
  3. Çarlz Oliweýra
  4. Maks Holloueý
  5. Jastin Getji
  6. Den Huker
  7. Mateuş Gamrot
  8. Beneil Dariuş
  9. Peddi Pimblett
  10. Rafael Fiziýew
  11. Renato Moýkano
  12. Maýkl Çendler
  13. Benua Sen-Deni
  14. Grant Douson
  15. Joel Alwares

düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....