Dastin Porýe karýerasyndaky soňky söweşinde Maks Holloueýden ýeňildi

  • 20.07.2025 13:29
  • 9.8k+

Amerikaly Dastin Porýe Täze Orleanda geçirilen UFC 318 ýaryşynyň esasy söweşinde watandaşy Maks Holloueýden ýeňildi.

Ýeňil agramda geçen söweş tutuş bäş raund dowam etdi. Eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen Holloueý ýeňiş gazandy. Söweş BMF guşagy ugrunda geçirildi we Maks tituly üstünlikli gorady.
Mundan öň Porýe bu söweşiň karýerasynda iň soňky boljakdygyny aýdypdy. Şonuň üçin ol söweşden soň elligini çykaryp, ony oktagonyň merkezinde goýdy. Bu hereket söweşijiniň garyşyk başa-baş söweşlerde karýerasyny resmi taýdan tamamlaýandygyny aňladýar.
Belläp geçsek, Porýe Holloueýden iki gezek üstün çykdy. 2012-nji ýylyň fewralynda geçirilen söweşde ol birinji raundda ýeňiş gazandy, 2019-njy ýylyň aprelinde bolsa emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňdi.
36 ýaşly Porýeniň hasabynda indi 30 ýeňiş we 10 ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy. 33 ýaşly Holloueýiň hasabynda bolsa 27 ýeňiş we 8 ýeňliş bar.


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....