Tom Aspinall UFC-niň Abu-Dabide geçiriljek ýaryşynda Siril Gan bilen duşuşar

  • 24.07.2025 10:04
  • 4.8k+

25-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 321 ýaryşynda agyr agramda çempion (120 kilograma çenli) britaniýaly Tom Aspinall bilen fransuz Siril Ganyň arasynda söweş bolar. Bu barada X sosial ulgamynda söweş mahabatynyň resmi akkaunty habar berdi.

Söweş agşamyň esasy wakasy bolar.
32 ýaşly Aspinall 2024-nji ýylyň iýulynda Mançesterde geçen UFC 304-däki soňky söweşiniň  birinji tapgyrynda amerikaly Kýortis Bleýdsi ýeňdi. Fransuz Siril Gan 2024-nji ýylyň dekabrynda UFC 310-de eminleriň bölünen karary bilen russiýaly Aleksandr Wolkowy ýeňdi.


düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......

09.05.2026 00:16
7.6k+

Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram......

04.05.2026 11:23
3.3k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

02.05.2026 16:41
7.7k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......