GDA sebitleriniň ilkinji forumy 2022-nji ýylda Özbegistanda geçiriler

  • 17.12.2021 17:56
  • 3.8k+

GDA ýurtlarynyň wekilleri sebitara we serhet hyzmatdaşlygy boýunça geňeşiň geçen mejlisinde 2022-nji ýylda Özbegistanda Arkalaşygyň döwletleriniň sebitleriniň ilkinji forumyny geçirmek kararyna geldiler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Muny TASS ýetirýär.

“Gatnaşanlar GDA ýurtlarynda sebitara we serhet hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny, 2030-njy ýyla çenli Arkalaşygyň konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de guramanyň täze konsepsiýasynyň taslamasyna garadylar. Mejlisde GDA sebitleriniň ilkinji forumyny geçirmek konsepsiýasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we ony 2022-nji ýylda Özbegistanda geçirmek kararyna gelindi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ýerine ýetiriji komitetiň saýtynda bellenilişi ýaly, mejlis wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi. Meýilleşdirilen forumyň konsepsiýasynyň nähili boljakdygy barada maglumat berilmeýär.


09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......