Demokratik partiýanyň 30 ýyllygy maslahat bilen bellenildi

  • 17.12.2021 10:29
  • 3.7k+

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çykyş edenler türkmen Lideriniň ýurdumyzyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen ýadawsyz we tutanýerli işi netijesinde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny nygtadylar.

Çykyşlarda türkmen döwletiniň we mähriban halkymyzyň taryhynyň 30 ýylynyň dowamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyna aýratyn üns berildi. Şol özgertmeler bolsa döwletimiziň kuwwatyny, ýurdumyzyň, türkmen halkynyň abraýyny belende galdyrdy. Demokratik partiýanyň agzalary amala aşyrylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, partiýanyň hatarlaryna giň gözýetimli ýaşlary çekmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk çäreleri görýärler. Bularyň ählisi ýaş nesliň watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesine, türkmenistanlylary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam edýär. 

Forumyň çäklerinde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda mowzuklaýyn sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda döredijilik ussatlarynyň eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan işleri görkezildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeňlerini Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.


10.04.2026 23:51
17k+

Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga......

10.04.2026 16:58
3.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......

09.04.2026 19:44
1.2k+

Türkmen sungat ussatlary Grets-Armanwilýe şäherinde çykyş etdi

Fransiýanyň Grets-Armanwilýe şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guraldy....

09.04.2026 16:01
18k+

Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna......