Buenos-Aýresiň halkara howa menzilinde Maradonanyň heýkeli oturdyldy

  • 16.12.2021 17:32
  • 6.4k+

Beunos-Aýresiň baş halkara howa menzilinde Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň öňki oýunçysy we tälimçisi Diego Maradonanyň heýkeli oturdyldy. Bu barada ýurduň ähli howa duralgalaryny dolandyrýan Aeropuertos Argentina 2000 (AA2000) kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

“AA2000 Eseýsa halkara howa menzilinde 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda futbol legendasynyň keşbini görkezýän 10-njy Belginiň heýkelini dabara bilen açdy” – diýip, Aeropuertos Argentina 2000 kompaniýasynyň metbugat gullugy belleýär.

AA2000-üň eýesi Eduardo Ernekýanyň bir wagtlar Maradona heýkelini oturtmagy hut özüniň teklip edendigi bellenilýär. Şonda Maradona razy bolýar, ýöne ýadygärligi Eseýsa howa menzilinde oturtmagy haýyş edýär. Beýik futbolçynyň doly göwrümli şekili 3D-çap etmek usuly bilen taýýarlanyldy. 

“Taýýarlama prosesi 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda milli gimniň aýtdyrylan pursaty Maradonanyň boljak final oýnuna ünsüni jemlän wagtyndaky suratlaryny ýygnamakdan başlandy” – diýip, Aeropuertos Argentina 2000-iň metbugat gullugy habar berýär.

Ýatlap geçsek, 1986-njy ýylyň dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzümine hut Maradonanyň gatnaşmagy oňa köpden bäri garaşylan ýeňşi getirdi.  


17.04.2026 11:21
12k+

Kezzaplykda aýyplanýan Messiniň we AFA-nyň garşysyna kazyýet işi gozgaldy

«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. VID promouterlik kompaniýasy bu mesele boýunça Günorta......

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

15.03.2026 20:14
11k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...

05.02.2026 13:23
10k+

Messi Dünýä çempionatyna taýýarlanmak üçin «Inter Maýamidäki» fiziki ýüküni azaldar

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna iň kadaly ýagdaýda gatnaşmak hem-de şikes almak töwekgelçiligini azaltmak üçin «Inter Maýami» klubundaky türgenleşik maksatnamasyny düýpli üýtgetdi. «The Touchline» neşiriniň «X» ulgamynda habar bermegine görä, futbolçy üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň bähbitleri häzirki wagtda klub bähbitlerinden ýokarda durýar...