Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 30 ýyllyk ýubileýini belleýär

  • 16.12.2021 08:06
  • 3.2k+

1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 30 ýyllyk ýubileýini belleýär. Şu mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow partiýanyň agzalaryna Gutlag iberdi.

«Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň yzysüre — 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. Bu gün bu partiýa ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeläp gelýär» diýlip, Gutlagda bellenilýär. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşlerde ýetilýän sepgitler, ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanylýan üstünlikler döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň netijesidir.

Türkmen Lideri Gutlagynyň ahyrynda: «Jemgyýetçilik bilen syýasy-guramaçylyk, köpçülikleýin-düşündiriş, wagyz-nesihat işini alyp barmakda otuz ýyllyk ösüş ýolunda baý tejribe toplan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň mundan beýläk hem öň hatarlarda boljakdygyna ynanýaryn» diýmek bilen, Demokratik partiýanyň işgärlerine we agzalaryna geljekde-de alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


11.05.2026 22:55
856

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......