Gresiýanyň paýtagtynda awtoulaglara bir ýyl mugt zarýad bermäge rugsat berildi

  • 13.12.2021 14:21
  • 4.1k+

Gresiýanyň Afina şäheriniň häkimiýetleri sürüjilere elektromobiller üçin zarýad beriji stansiýalardan bir ýylyň dowamynda mugt peýdalanmaga rugsat berdiler. Bu başlangyjyň kömegi bilen şäher häkimligi ilatyň arasynda ekologiýa taýdan arassa ulagyň meşhurlygyny ýokarlandyrmagy we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada TheMayor.EU portaly habar berýär diýip, lenta.ru belleýär. 

Häzirlikçe Gresiýanyň paýtagtynda 25 sany zarýad beriji nokat bar, ýöne şäher häkimligi infrastrukturany ösdürmegi meýilleşdirýär – munuň üçin ýewropa şäherinde elektrik hereketlendirijili ulaglaryň eýeleriniň sany artmaly. Ýaşaýjylary elektrokarlara geçmäge höweslendirmek üçin administrasiýa olaryň ýangyja sarp edýän çykdajylaryny wagtlaýyn azaltmak kararyna geldi. 

Şäher häkimligi elektromobillere mugt zarýad bermek başlangyjyndan daşary Afinada planeta üçin zyýanlary azaltmak boýunça beýleki çäreleriň hem görülýändigini belledi. Merkezde awtomobilleriň hereketi çäklendirildi, welosiped ýollarynyň, pyýada köçeleriniň sany artdyryldy we seýil baglarynyň ýagdaýy gowulaşdyryldy.


02.05.2026 06:35
3k+

Arizonada dünýäde ilkinji elektromobil muzeýi açyldy

Arizonanyň Kingman şäherinde dünýäde ilkinji elektrik ulaglarynyň taryhyna bagyşlanan muzeý açyldy. Bu muzeý taryhy «Route 66» ýolunyň ugrunda ýerleşýän «Arizona Route 66 Museum» toplumynyň bir bölegine......

29.03.2025 05:44
3k+

Kaliforniýada elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp

Kaliforniýada häzirki wagtda elektrokarlara zarýad beriji beketleriň sany adaty ýangyç guýujy beketleriň sanyndan köp. 2025-nji ýylda infrastrukturany has hem giňeltmek meýilleşdirilýär. Jemgyýetçilik zarýad beriş...

28.10.2024 11:24
5.7k+

Ilon Mask sürüjisiz Tesla Cybercab taksiniň bahasyny 5 müň dollar arzanlatdy

Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask Tesla Cybercab sürüjisiz taksisiniň bahasyny 25 000 dollara çenli arzanlatdy. Bu barada ol kompaniýanyň maliýe netijelerine bagyşlanan metbugat konferensiýasynda habar berdi diýip...

30.06.2024 00:03
10k+

Hytaýda rekord aralyga uçup biljek elektrik uçary gurulýar

Hytaýyň CATL kompaniýasy energiýa dykyzlygy 500 Wts/kg bolan aşa dykyz batareýanyň işlenip düzülýändigini habar berdi. Bu tehnologiýa uçuş uzaklygy 3000 km çenli bolan elektrik uçarlaryny döretmäge mümkinçilik...