Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk kabul edişligini gurady

  • 13.12.2021 19:11
  • 11549
Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk kabul edişligini gurady

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde baýramçylyk kabul edişligi geçirildi. Ol Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde guraldy.

Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly ilçiler, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýleki myhmanlar çagyryldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala dagy hem kabul edişligiň hormatly myhmanlary boldular.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi we dabara gatnaşyjylary öz täze ýazan goşgusy bilen gutlady.

Kabul edişlikde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy, olar dürli dillerdäki aýdymlary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk şowhunyna daşary ýurtly myhmanlar hem goşuldylar we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.


26.11.2022 09:12
19537

Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedildi, käbir häkimlikleri ýatyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap häkimligi...

26.11.2022 09:02
20667

Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligini ýatyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan»...

25.11.2022 17:33
17865

Gurbanguly Berdimuhamedow noýabrda Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen barar

Şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna boljak birinji resmi sapary parlament ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda...

25.11.2022 09:23
16004

Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

24-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler...