Bitaraplyk — taryha ýaň salan aýratynlyk

  • 12.12.2021 22:32
  • 6600
Bitaraplyk — taryha ýaň salan aýratynlyk

11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dünýä biziň ýurdumyzy ykdysady ösüşleriň we baý mümkinçilikleriň, asudalygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanaýar. Dünýä biziň döwletimizi bu gün Bitaraplygyň mekany  hökmünde tanaýar. Häzirki zaman syýasy dünýäsiniň soňky çärýek asyrlyk wakalary Türkmenistan döwletimiziň Hemişelik Bitaraplyk derejesine doly ygrarly bolup gelýändigini görkezdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji ýubileý maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly BMG-niň ýörite kararnamasyna laýyklykda, ýurdumyz Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji bitarap döwlet bolup durýar. Bu dünýäniň syýasy taryhynda we halkara gatnaşyklarynda  täze gözýetimleri açan ilkinji resmi ädimlerdir.   

BMG agza döwletleriň şeýle möhüm derejäni biragyzdan makullamagy dünýä tejribesinde henize çenli bolan waka däldir. Garaşsyzlygyny alanyna köp wagt geçmedik Türkmenistan döwletimiziň halkara syýasaty üçin täze bir nusgalyk ýoly öňe sürüp bilmegi we dünýä döwletleriniň ynamyny gazanmagy taryhy pursatdyr. 2015-nji ýylda bu halkara hukuk derejäniň Birleşen Milletler Guramasynda täzeden ykrar edilmegi bolsa, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitaraplyk syýasaty bilen dünýä bileleşiginde iň ygtybarly hyzmatdaşa öwrülmegi başaran Türkmenistan döwletimiziň özüne mahsus syýasy ýol-ýörelgä ygrarly bolup gelýändigini subut edýär.

Bitaraplyk syýasatymyzyň häsiýetli aýratynlyklary - parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli gatnaşyklar dünýä döwletleri bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi.  Bitaraplyk – halklaryň arasyndaky  dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik we arkalaşyk, birek-birege ynam-hormat ýaly ýörelgeleri dünýä derejesinde dabaralandyrýar.


şu gün 09:54
1789

Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippi gutlady

Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de...

şu gün 09:48
11312

Türkmenistanyň Prezidenti Daşary işler ministrine täze orunbasar belledi

Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň daşary...

düýn 10:39
3979

Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan...

düýn 10:34
12755

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

30-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň...