Türkmen Lideri YHG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

  • 12.12.2021 15:55
  • 3k+

11-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Jenap Husraw Noziri milli Liderimizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan halkara ähmiýetli forumyň uly üstünliklere beslenmegi bilen gutlap, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň türkmen Lideriniň parahatçylyk söýüjilikli we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam berýän daşary syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny, bu baýramyň hem türkmen diplomatiýasynyň dünýä giňişliginde dabaralanýandygyny aňladýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, sebitara we halkara guramalar, şol sanda YHG bilen giň hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Şeýle hem türkmen Lideriniň öňe sürýän, şol sanda YHG-nyň 15-nji sammitinde beýan eden we sebitara, halkara ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de derwaýysdygy bellenildi.

Sebit üçin birnäçe möhüm ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, senagat pudaklarynda, täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum babatda köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....