Instagram 13 ýaşa ýetmedik çagalar üçin sosial ulgama girişi ýapar

  • 11.12.2021 23:43
  • 3.6k+

Instagram-yň başlygy Adam Mosseri 13 ýaşa ýetmedik ähli çagalar üçin sosial ulgama girişi ýapjakdygyny mälim etdi. Bu barada vse42.ru habar berdi.

Adam Mosseri bu maglumaty ABŞ-nyň Kongresinde beren görkezmesinde mälim etdi. Ol bu ýere Sosial ulgamyň çagalaryň psihikasyna ýaramaz täsiriniň bardygyny görkezmek üçin çagyryldy diýip, çeşme belleýär.

"Biz 13 ýaşa çenli çagalaryň hasaplaryny tapmaga we pozmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýany, täze algoritmleri işläp taýýarlaýarys" - diýip, Instagram sosial ulgamynyň başlygy aýtdy.

REN teleýaýlymynyň žurnalistleri bu goşundyda ene-ata gözegçiligi funksiýasynyň hem boljakdygyny nygtadylar. Şeýle hem uly ýaşly ulanyjylaryň sosial ulgamdaky kämillik ýaşyna ýetmediklere habarnama iberip bilmejekdikleri bellendi.


düýn 16:56
3k+

Ispaniýanyň häkimiýeti kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

Ispaniýada 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Pedro Sançes Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen sammitde aýtdy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

02.02.2026 14:37
1.6k+

Isläňokmy, aýyr: Instagram özüňi başgalaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga şert döreder

Instagram ulgamy ulanyjylaryna özlerini başga adamlaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany taýýarlaýar. Bu barada TechCrunch neşiri Meta kompaniýasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär...

28.01.2026 09:48
2.1k+

Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy çagalar üçin sosial torlaryny gadagan etmegi goldady

Fransiýanyň Milli assambleýasy 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. "Le Figaro" neşiriniň habar bermegine görä, resminama üçin 130 deputat: "Goldaýarys", 21 parlamentariý bolsa, "Garşy" diýip, ses berdi...

16.01.2026 15:32
1.2k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...