«EKSPO — 2020-de» Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramaga işjeň gatnaşanlara ýadygärlik nyşany gowşuryldy

  • 11.12.2021 23:17
  • 7.2k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy:
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň esasy hünärmeni Atanepes Hojanepesowiç Belliýew,
 «Tekmil» hususy kärhanasynyň menejeri Şatlyk Bazarowiç Hajyýew, «Tekmil» hususy kärhanasynyň tehniki dizaýneri Myratgeldi Nurberdiýewiç Berkeliýew,
«Tekmil» hususy kärhanasynyň grafisti Mekan Aşyrdöwletowiç Abdylow, «Tekmil» hususy kärhanasynyň tehnigi Ýazberdi Annaberdiýewiç Annagurbanow.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......