Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan wirtual sergi öz işine başlady

  • 10.12.2021 10:15
  • 3.8k+

9-njy dekabrda Aşgabatda Bitarap Watanymyza we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Ol türkmen Lideriniň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide türkmen Lideriniň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler öz beýanyny tapýar. Şeýle hem bu serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýeten derejesi hem-de eksport mümkinçilikleriniň artdyrylyşy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy hem-de bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilişi barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Dubaýyň ykdysady departamentiniň agzasy, “Alamaip” kompaniýasyny esaslandyryjy Fahad Abdulla Saleh “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan bölüminden maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Bu ýerde oturdylan monitorlarda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iri kärhanalarynyň, ýörite internet saýtlarynyň sahypalarynda ýerleşdirilen statistik maglumatlar bu düzümleriň ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp zamanasy, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçilikleri we uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi baradaky şekiller görkezildi.

Ýeri gelende aýtsak, sergide görkezilýän gymmatlyklar baradaky maglumatlar hem-de öndürilýän önümleriň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleri türkmen, rus we iňlis dillerinde berilýär. Halkara wirtual sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi mfa.gov.tm saýtynda ýerleşdirilendir.


şu gün 07:51
408

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
877

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......