Ýaponiýaly syýahatçylar Halkara kosmos stansiýasyna geldiler

  • 09.12.2021 19:52
  • 4.9k+

Ýaponiýaly syýahatçylar – milliarder Ýusaku Maedzawa we onuň biznes kömekçisi Ýodzo Hirano Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) geldi. Ýaponiýalylar bilen bilelikde HKS-e ýörite habarçy hökmünde orbitada Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň wekilligini açjak kosmonawt Aleksandr Misurkin hem uçdy. Bu barada euronews.com habar berýär.

Misurkin tarapyndan dolandyrylýan “Soýuz MS-20” kosmos gämisi awtomatik usulda HKS bilen birikdi. Syýahatçylar stansiýada 12 gün bolarlar.
Alymlar kosmos syýahatçylarynyň saglygyna bildirilýän talaplaryň hünärmen kosmonawtlaryňkydan tapawutlanýandygyny – olaryň has ýumşakdygyny belleýärler.
Gämi Halkara kosmos stansiýasyna ekipažyň russiýaly agzalary üçin Täze ýyl sowgatlaryny we öý tagamlaryny, şeýle-de ylmy tejribeler üçin enjamlary eltdi.
Ýaponiýaly syýahatçylar gözleg toplumynyň ylmy maksatnamasyna gatnaşarlar, şeýle-de internet ulanyjylaryň wezipelerini ýerine ýetirerler. 
Şol bir wagtyň özünde, Roskosmos döwlet korporasiýasy 2030-njy ýyldan soň Aýa uçuş syýahatlaryny hödürläp biljekdigini habar berdi. 


14.12.2025 10:54
5.3k+

Kapitansyz gämi: Ýaponiýa dünýäde ilkinji awtonom ýolagçy gämisini işe girizdi

Ýaponiýanyň günbatarynda awtonom nawigasiýa tehnologiýasyny ulanýan dünýäde ilkinji ýolagçy gämisi peýda boldy. Olympia Dream Seto atly gämi Okaýama bilen Sýodosima adasynyň arasynda gatnap başlady diýip, Kyodo agentligi habar berýär...

26.11.2025 10:11
3.9k+

Baryp görmeli 31 köçe: Time Out olaryň reýtingini düzdi

Time Out žurnaly iýmiti, dynç alşy we atmosferany göz öňünde tutup, ýerli redaktorlaryň we bilermenleriň saýlamagynda dürli ýurtlardan iň gowy 31 köçäniň reýtingini hödürledi. Sanaw neşiriň saýtynda elýeterli. Awtorlar reýtingdäki köçeleriň öz şäherleriniň häsiýetini we şähdini görkezýändigini belleýär...

03.11.2025 12:11
3.7k+

Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar

Ýaponiýanyň Nippon Travel syýahatçylyk kompaniýasy uly taslamany işe girizýändigini habar berdi: 2030-njy ýyllara çenli Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda dowamlylygy bary-ýogy bir sagat bolan kosmos uçuşlary ýola goýlar...

16.10.2025 10:37
5.3k+

Tokio we Wiktoriýa syýahatçylaryň arasynda iň halanýan şäherler hökmünde ykrar edildi

Amerikanyň meşhur Condé Nast Traveler syýahat žurnaly okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişlikde iň halanýan şäherleriň sanawy yglan edildi. Netijelere görä, iri şäherleriň arasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio, kiçi şäherleriň arasynda bolsa Kanadanyň Wiktoriýasy birinji orny eýeledi...