Dünýädäki has öndürijilikli gymmat bolmadyk Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi

  • 09.12.2021 13:32
  • 12k+

AnTuTu bençmarkynyň topary halkara bazary üçin 2021-nji ýylyň noýabr aýyndaky orta segmentiň Android smartfonlarynyň reýtingini düzdi. Ol AnTuTu-nyň Hytaýdaky reýtinginden düýpli tapawutlanýar diýip, www.ixbt.com habar berýär.

AnTuTu-nyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, orta klasdaky smartfonlaryň reýtinginde bir kristally Snapdragon 778G ulgamyna esaslanýan telefonlar agdyklyk etmegini dowam etdirýär.

Birinji orny eýýäm bassyr dördünji aý bäri noýabrda 537 231 bal gazanan Realme GT Master eýeleýär. AnTuTu-da bellenilişi ýaly, Naoto Fukasawanyň “çemodan” stilindäki dizaýny bu smartfony şu ýyl ykjam telefonlaryň bazarynda iň meşhur we özüne çekiji smartfona öwürdi. 

Ikinji orny hem dört aý bäri 524 464 bal bilen Xiaomi Mi 11 Lite eýeleýär. Öň halkara reýtinginde görkezilmedik Honor 50 smartfony bolsa 516 915 bal bilen üçünji orna çykdy. Reýtingde onuň yzyndan Xiaomi Mi 11 Lite 5G NE (505 274), Huawei Nova 9 (499 078), Galaxy A52s 5G (498 705), Galaxy M52 5G (490 762), Huawei Nova 7 (457 964), Oppo Reno6 5G (429 879) we Xiaomi Mi 10T Lite 5G (388 719) gelýär.

Statistika 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda toplandy. AnTuTu reýtinginde has ýokary däl-de, ortaça görkezijiler ulanylýar. Her bir smartfon üçin azyndan 1000 synagyň netijesi göz öňünde tutuldy – synag sany az bolan modeller sanawa girizilmeýär.

düýn 18:02
2.6k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 16:29
2.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

düýn 16:23
1.1k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......