«Aýaksyň» hüjümçisi Aller Çempionlar ligasynda Ronaldunyň rekordyny gaýtalady

  • 09.12.2021 13:25
  • 9.5k+

«Aýaksyň» hüjümçisi Sebastian Aller Çempionlar ligasynda «Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň üstünligini gaýtalady.

Futbolçy 2021/22 möwsüminde Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň her bir oýnunda gol geçirmegi başardy.
Toparçalaýyn tapgyryň altynjy aýlawynda «Aýaks» 4:2 hasabynda «Sporting-den» üstün çykdy. Duşuşygyň sekizinji minudynda Aller penaltini üstünlikli ýerine ýetirdi.
Amsterdamly klub 18 utuk gazanyp, öz toparçasynda birinji boldy we Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy.


şu gün 11:14
445

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
9.4k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

düýn 10:04
5k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

15.06.2026 23:30
7.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......