Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy

  • 08.12.2021 17:38
  • 5.6k+

Olaf Şols Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze kansleri boldy. Ol bu wezipä bundestagyň mejlisiniň dowamynda saýlandy diýip, Reýter agentligi habar berýär.

Şols bu wezipede Germaniýanyň Hökümetine soňky 16 ýyl ýolbaşçylyk eden Angela Merkeli çalşyrar.
Şols öz peýdasyna 395 ses aldy, oňa garşy 303 ses berildi. Bundestagyň ýolbaşçysy Berbel Bas, düzgüne laýyklykda, sosial-demokratlaryň wekili bolan Şolsdan ses berlişigiň netijesi bilen ylalaşýandygyny sorady. Şols tassyklap jogap berdi. Kadadan çykma hökmünde Bas deputatlara surata düşürmek üçin mobil telefonlary ulanmaga rugsat berdi.

Şols täze wezipesinde kasam kabul etdi. Aşgabat wagty bilen 19:00-da Angela Merkelden wezipe borçlaryny geçirmek dabarasy bolar.
Germaniýanyň täze Ministrler Kabinetine Sosial-demokratik partiýasy, «ýaşyllar» we Erkin demokratik partiýa girer. Hökümetiň birinji mejlisi şu agşamyň dowamynda geçiriler. Täze Hökümetde DIM-niň ýolbaşçysy Annalena Berbok bolar, ykdysadyýet we klimat işleri boýunça edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem wise-kansler — Robert Habek bolar. Maliýe ministri Kristian Lindner, Goranmak ministri Kristina Lambreht bolar.


düýn 10:26
624

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

22.02.2026 12:31
7.3k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär...

12.02.2026 15:05
2.1k+

Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy...

12.02.2026 15:04
4.2k+

Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen giň gerimli duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi...