Messi Çempionlar ligasynda Ronaldunyň rekordyny gaýtalady

  • 08.12.2021 13:13
  • 11k+

"PSŽ"-niň ýyldyz hüjümçisi Lionel Messi Çempionlar ligasynyň "Brýugge" toparyna garşy oýnunda (4:1) iki gol geçirip, dubl etmegi başardy. Şeýlelikde, ol täze üstünlik gazandy diýip, sport-express.ru habar berdi.

Squawkanyň ýazmagyna görä, argentinaly oýunçy Çempionlar ligasynda 38-nji toparyň derwezesine gol geçirdi. Bu görkeziji boýunça ol "Mançester Ýunaýtediň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bilen birinji orny deň paýlaşdy.
Şeýle hem Messi karýerasyndaky gollarynyň sany boýunça rowaýaty Peleden öňe geçdi diýip, çeşme belleýär.
Ýene bir bellemeli zat, Lionel Messi oýunda özüniň bir goluny penaltiden geçirdi. Netijede, argentinaly hüjümçi özüniň Çempionlar ligasyndaky 22-nji penaltisini depip, Ronaldunyň ýene bir rekordyny gaýtalady. Ýöne Messi 11 metrlik bellikden 22 gezegiň 18-sinde gol geçirdi. Ronaldunyň bolsa häzir ÇL-de penaltiden 19 goly we 3 şowsuz synanyşygy bar.


şu gün 16:18
2.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....