Donald Tramp Prezident döwründe alyp baran işleri barada kitap ýazýar

  • 07.12.2021 23:47
  • 5.5k+

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp özüniň döwlet baştutany wezipesinde geçiren dört ýyly barada ýatlama ýazýar. Bu barada ol Newsmax TV teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, TASS habar berýär. 

“Hawa, men ýatlamalary ýazýaryn. Ine, görersiňiz – bu diýseň güýçli zat bolar” diýip, ol žurnalistiň degişli soragyna jogap berdi.

Tramp geljekki kitabynyň “neşirýatçylarda uly gyzyklanma döredendigini” sözüniň üstüne goşdy. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň 45-nji prezidenti ýatlamalarynyň neşir ediljek senesi, şeýle-de olarda beýan ediljek temalar barada aýtmady.

Tramp ABŞ-nyň prezidenti wezipesini 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli eýeledi. Ol ömrüniň dowamynda ondan gowrak kitap çykardy, olardan iň meşhury žurnalist Toni Şwars bilen bilelikde ýazylan “Şertnama baglaşmagyň sungaty” (The Art of the Deal, 1987) boldy. Ol neşir edilenden soň “The New York Times” gazetiniň bestseller sanawynda üç aýdan gowrak wagt saklandy, jemi 1 milliondan gowrak nusga satyldy.


12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

03.05.2026 23:48
6.2k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....

02.05.2026 10:56
7.8k+

ABŞ-nyň ýaryndan gowragy asyryň iň uly gurakçylygyny başdan geçirýär

ABŞ-nyň ýaryndan köpüsini gurakçylyk gurşap aldy. Bu soňky 25 ýylyň iň uly gahatçylyklarynyň biridir....

26.04.2026 20:46
10k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......