Instagram mazmun görlende arakesme etmegiň zerurlygy barada ýatlatma funksiýasyny işe girizdi

  • 07.12.2021 23:44
  • 3.5k+

Instagram sosial ulgamy ulanyjylara lentalary görmekden dynç almalydygy barada duýduryş ýollaýan öň anons edilen guraly işe girizdi. Bu barada hyzmatyň administrasiýasynyň başlygy Adam Mosseriniň resmi Instagram blogunda ýerleşdirilen hatynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

“Meniň üçin adamlaryň Instagram-da wagt geçirmekden lezzet almagy möhümdir, şonuň üçin şu gün biz adamlara sosial ulgamda wagtlaryny nähili geçirýändikleri barada aňly-düşünjeli netije çykarmaga mümkinçilik bermek üçin “Take A Break” (“Arakesme et”) funksiýasyny işe girizýäris. Eger ulanyjy belli bir wagtlap lentany geçirmegi dowam etdirse, duýduryş saklanmagyň we dynç almagyň wagtydygyny habar berer.

Mosseri funksiýanyň ulanylyşynyň ýetginjek auditoriýanyň arasynda aýratyn ýaýbaňlandyryljakdygyny belledi. Ýetginjekleriň täze gural barada bilmegi üçin, olara wagt barada ýatlatmalary açmak teklibi bilen duýduryş görkeziler.

Täze funksiýa ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Irlandiýada, Kanadada, Täze Zelandiýada we Awstraliýada 7-nji dekabrdan işläp başlar, beýleki ýurtlarda indiki ýylyň başynda elýeterli bolar.

Mundan başga-da, Instagram ulanyjylara bir gezekde köp sanly suratlary ýa-da wideolary, şeýle-de teswirleri we laýklary bozmaga mümkinçilik berjek funksiýany synagdan geçirip başlar. Isleg bildirýänleriň ählisi täze mümkinçiligi ýanwar aýynda synap biler diýlip çaklanylýar.


13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

05.03.2026 14:43
1.7k+

Instagram baryp kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň işjeňliginiň artandygyny hasaba alypdyr

Instagram kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň arasyndaky işjeňligiň ösüşini ünsli yzarlap, olara ileri tutulýan auditoriýa hökmünde garapdyr. Häzirki wagtda dowam edýän kazyýet işleriniň çäginde mälim edilen täze resminamalar muňa şaýatlyk edýär...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

28.02.2026 10:20
2k+

Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi

Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar...