Ýewro banknotlarynda meşhur adamlaryň keşbi peýda bolup biler

  • 06.12.2021 23:55
  • 9.1k+

Meşhur adamlaryň keşbi ýa-da ýadygärlikler şekillendirilen ilkinji ýewro banknotlary ýakyn ýyllarda Ýewropa Bileleşiginde peýda bolup biler. “Les Echos” fransuz gazetiniň habar bermegine görä, Ýewropanyň Merkezi banky (ÝMB) häzirki wagtda ýewropa walýutasynyň dizaýnynda degişli üýtgeşmeleri gözden geçirýär diýip, TASS belleýär.

Diskussiýalar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bellenilýän ýewropa walýutasynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna gabat gelýär. Neşir şeýle pikirleriň 1990-njy ýyllarda hem teklip edilendigini, ýöne meseläniň ýüze çykandygyny: her döwletiň öz wekilleriniň, gözel ýerleriniň ýa-da sungat eserleriniň banknotlarda bolmagyny isländigini ýatlap geçýär. Netijede, ÝMB-den öňki – Ýewropanyň walýuta instituty bu başlangyçdan ýüz öwürýär we diňe milli teňňeler bilen çäklenmek kararyna gelinýär.

Täze başlangyç barada resmi taýdan ýakyn günlerde habar berilmeli diýip, gazet belleýär. Bu makullanan ýagdaýynda ÝMB-niň dolandyryjy geňeşi “häzirkizaman şahsyýetleri bilen olardan öňki adamlaryň arasynda geografiki, jyns taýdan we taryhy deňagramlylygy” saklamak üçin Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň tekliplerine hemmetaraplaýyn baha berer. Muňa garamazdan, maslahatlaşmagyň we önümçilige goýbermegiň gijikdirilýändigini nazara alsak, täze dizaýnly banknotlar diňe birnäçe ýyldan soň peýda bolar.

Häzirki wagtda ýewro banknotynyň iki seriýasy bar, birinji ýedi nominal kupýurasyny öz içine alýar – €5, €10, €20, €50, €100, €200 we €500. 2013-nji ýylda ÝMB esasy aýratynlyklarynyň biri Ýewropanyň gadymy grek mifleriniň gahrymanynyň keşbi bilen suw nyşany bolan täzelenen “Ýewropa” seriýasyny çykardy we €500 nominally banknotlardan ýüz öwürdi. GFR-iň we Awstriýanyň Merkezi banklary 500 ýewrolyk kupýuralary çykarmagy bes eden iň soňky banklar boldular. Olar iň soňky nusgalary 2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde çap etdiler.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......