Windows-da işleýän öý kompýuterleri üçin iň oňat antiwiruslar kesgitlenildi

  • 05.12.2021 22:43
  • 5k+

Garaşsyz IT howpsuzlyk instituty bolan AV-TEST 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows-da işleýän öý kompýuterleri üçin iň oňat antiwiruslaryň reýtingini düzdi. Bu barada  Windowslatest-e salgylanyp, msn.com habar berdi.

Bu hasabatyň Windows 10 Home-iň ulanyjylary üçin niýetlenendigini bellemek gerek. Ony düzmek üçin hünärmenler Norton, Kasperski we Microsoft ýaly dürli üpjün edijileriň 21 programmasyny synagdan geçirdiler.

Hasabata görä, AV-TEST Windows Defender, Avira, McAfee, Avast, AVG we başga-da birnäçe wirusa garşy programmalary synagdan geçirdi. Olaryň işleýşiniň dürli taraplary synagdan geçirildi: nol günlük zyýanly programma üpjünçiligi, kiber hüjümleri, wirusly hatlar we ş.m. Tehniki işgärler ähli önümleriň köpçülige elýeterli bolan iň soňky görnüşini ulandylar.

Olaryň içinde operasion ulgamyň özünde gelýän Windows Defender iň gowusy boldy. Ol howpsuzlygyň, öndürijiligiň we ulanylyşyň ähli ugurlarynda ýokary bal gazandy. McAfee we Avast ýaly üpjün edijileriň käbir programmalary hem ýokary baha aldy, ýöne Windows Defender wirusa garşy ýeke-täk tölegsiz çözgüt boldy diýip, çeşme belledi.


şu gün 12:42
16

Häniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
883

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...