Nissan 5 ýylda elektromobiller we arassa tehnologiýalar üçin 17,6 mlrd dollar maýa goýar

  • 05.12.2021 22:49
  • 7.4k+

Nissan geljek 5 ýylda «ýaşyl» tehnologiýalaryň ösdürilmegine we 23 sany täze awtoulag modelinden (15 elektrokar we 8 gibrid) ybarat giň hataryň işlenip taýýarlanmagyna, takmynan, 17,6 mlrd dollar maýa goýar. Bu meýilnamany Nissan Ambition 2030 atly täze global strategiýa göz öňünde tutýar diýip, tarantas.news habar berýär.

“Nissan Ambition 2030 bilen biz elektrikleşdirmegiň täze eýýamyna gadam basýarys, biz kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmak we täze iş mümkinçiliklerini açmak üçin tehnologiýalary ösdüreris. Biz Nissan-y müşderilere we jemgyýete hakykatdanam gerek bolan durnukly kompaniýa öwürmek isleýäris” – diýip, Nissan-yň baş müdiri Makoto Utida aýtdy.

Mundan başga-da, 2028-nji ýyla çenli Nissan kompaniýasy energiýa netijeliligi we bir zarýad bilen geçýän ýoly boýunça litiý-ion batareýalaryndan geçjek ýokary sygymly gaty akkumulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan innowasion elektrokarlary bazara çykarmagy meýilleşdirýär.

Täze strategiýa Nissan markasyna 5 ýyldan ähli esasy awtobazarlarda elektrokarlaryň we gibridleriň satuwyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip meýilleşdirilýär. Hususan-da, Ýewropada Nissan brendiniň satuwynyň 75%-i, Ýaponiýada 55%-i, Hytaýda 40%-i elektrik awtoulaglaryň paýyna düşmeli. ABŞ-da hytaý bazaryndaky ýaly görkezijileri diňe 2030-njy ýyla çenli gazanmak meýilleşdirilýär.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
4.8k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....