Türkmen wekiliýeti ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

  • 05.12.2021 11:57
  • 4.2k+

2-3-nji dekabrda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde ÝHHG-niň agza-döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi ÝHHG-niň häzirki başlygy, Şwesiýanyň daşary işler ministri A.Lindeniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlisiň işine ÝHHG sebitiniň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we hemişelik wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem 10 sany hyzmatdaş ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdylar.

TDIM-niň internet saýtynda habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda ÝHHG-niň agza döwletleriniň howpsuzlyk meseleleri, ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, milletara howplara garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak ugrunda hyzmatdaşlyk, gender deňligi we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda guramanyň alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy saklamak boýunça prosesiň we ýurtda ýagdaýlary durnuklylaşdyrmagyň kabul ederlikli ýollarynyň gözlegi boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmeginde halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň wajypdygyny bellemek bilen, Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermegi mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygyny nygtady.

Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça konsensus esasynda howpsuzlyk we durnuklylyk meselelerine degişli ÝHHG-niň Strategiýasyny, ÝHHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde guramanyň esasy çemeleşmelerini, şeýle hem guramanyň işiniň beýleki wajyp ugurlaryny kesgitleýän degişli çözgütler kabul edildi.


şu gün 12:31
1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
358

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......