Merkezi bank gaýtarylman galan galyndylaryň, tölenilmedik göterim tölegleriniň möhletlerini uzaldar

  • 04.12.2021 09:39
  • 16k+

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek boýunça bellenen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, býujet borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra süýşürmäge ygtyýar berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Merkezi banka Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 18:16
2.7k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

düýn 15:51
3.5k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......