Alymlar ysmaz adamlary bejermek üçin gel döretdiler

  • 05.12.2021 22:38
  • 9.5k+

Alymlar haýwanlarda oňurga ýiliginiň nerw öýjükleriniň täzelenmegini işjeňleşdirýän gel görnüşli maddany işläp taýýarladylar. Maddanyň nähili täsir edýändigini görkezmek üçin bolsa oňurgasy ysmazly syçanjygyň “öňki" we "soňky” ýagdaýynyň wideosyny görkezdiler. Bu barada moika78.ru habar berdi.

Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň (ABŞ, Illinoýs) resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, neýrobiolog-alymlar oňurga ýiliginiň nerw öýjüklerinde regenerasiýa genlerini işjeňleşdirýän geli döretmegiň hötdesinden geldiler. Nerw reseptorlaryna täsir edýän molekulalardan döredilen täze madda zeper ýeten aksonlary bejerýär we dürli maýyplyklary bejermäge mümkinçilik berýär.
Işlenip düzülen madda laboratoriýa syçanjygynda oňurga ysmazyny bejermäge mümkinçilik berdi. Ol derman sanjymyndan we reabilitasiýa döwründen soň ysmaýan aýaklaryna doly erk edip bildi.
Alymlar ýakyn wagtda bu dermanyň adamlarda hem synag edilip başlajakdygyny belleýärler.


düýn 12:01
3.7k+

Nemes alymlary kepderileriň bagryndaky tebigy GPS-kompasyň syryny anykladylar

Germaniýanyň Bonn we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň gözlegçileri kepderilerdir gögerçinleriň bagyrda ýerleşen hem özünde demir saklaýan ýörite immun ulgamynyň öwüşginleri arkaly Ýeriň magnit meýdanyndan ugur......

31.05.2026 20:50
8.7k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

31.05.2026 13:26
1.5k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

31.05.2026 13:04
5.7k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......