Indoneziýa ilkinji gezek Ýigrimiligiň toparynda başlyk boldy

  • 03.12.2021 19:16
  • 3.2k+

Indoneziýa taryhynda ilkinji gezek Ýigrimiligiň toparynda (G20) başlyklygy resmi taýdan öz üstüne aldy we pandemiýadan soň ykdysady dikelişe, energiýa geçişine we sanly üýtgeşmelere üns bermäge wada berdi. Prezident Joko Widodo Bali adasynda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriljek jemleýji sammitiň 2022-nji ýylyň 30-31-nji oktýabryna meýilleşdirilendigini aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

“Biz “Bilelikde gaýtadan dikeleliň, has güýçli bolarys” şygarynyň astynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary höweslendirmegi maksat edinýäris” – diýip, döwlet baştutany belledi we ýurduň “ýigrimilikde” başlyklyk etjek döwründe öňünde durýan wezipelerini hödürledi. Onuň aýtmagyna görä, Jakarta “inklýuziw, adamlara gönükdirilen, ekologiýa taýdan arassa we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir”. Widodo Indoneziýanyň “energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelere geçişini goldamak üçin halkara maliýeleşdirilmesi bilen global hyzmatdaşlyk platformasyny döretmegi teklip etmekçidigini” belledi. Onuň aýtmagyna görä, “energiýa geçişiniň howpsuzlyk we elýeterlilik ýörelgelerinde amala aşyrylmagyny kepillendirmek zerurdyr”.

G20-ni taýýarlamagyň we alyp barmagyň utgaşdyryjylaryndan biri bolan Indoneziýanyň DIM-niň başlygy Retno Marsudi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda COVID-19 pandemiýasyndan soň dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini, öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyny, birleşigiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkidilmegini belledi. Şeýle-de, ol Indoneziýanyň koronawirusa garşy sanjymlary ýaýratmak işinde ösen we ösýän döwletleriň arasyndaky bölünişigi azaltmak üçin “saglygy goraýyş gurşawynda diplomatiýany” ösdürjekdigini aýtdy.


18.02.2026 14:09
1.8k+

Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi...

17.02.2026 19:12
1.1k+

Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş...

24.12.2025 12:41
4.6k+

Jakarta 2025-nji ýylda dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi

2025-nji ýylda Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäheri diýlip yglan edildi — Indoneziýanyň paýtagtynda häzirki wagtda tas 42 million adam ýaşaýar. Ilkinji üçlüge, şeýle hem Dakka (Bangladeş) we Tokio (Ýaponiýa) şäherleri girdi...

02.12.2025 11:50
17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...