Ýylyň iň ýagty kometasy dekabr aýynda Ýere has ýakyn bolar

  • 03.12.2021 18:58
  • 7.3k+

Ýylyň iň ýagty kometasy bolup biljek Leonard (C/2021 A1) 12-nji dekabrda Ýere mümkin boldugyndan has ýakyn bolar. Bu barada Moskwadaky planetariýniň metbugat gullugy ýazýar diýip, TASS habar berýär.

“Ýylyň iň ýagty kometasy bolmagy wada berýän C/2021 A1 (Leonard) kometasy Ýere golaýlaýar. 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ol Ýere 35 mln km (0,23 astronomik birligi) minimal aralyga gelip, perigeýden geçer. Bu wagt kometa Ýylangöteriji ýyldyzlar toplumynda ýerleşer we ony ýönekeý göz bilen görüp bolar” – diýip, metbugat gullugy ýazýar.

Ýeriň demirgazyk ýarym şarynda kometa dekabr aýynda synlamak üçin elýeterli bolar. 1-nji dekabrdan 13-nji dekabr aralygynda ol Aw Itleri, Öküz çopany, Ýylan, Gerkules we Ýylangöteriji ýyldyzlar toplumynyň fonunda çalt hereket eder. Ony irden we agşam görmek mümkin bolar. 

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda kometa perigeliýden geçip, Güne has ýakyn aralykda bolar (0,62 astronomik birligi) diýip, planetariýniň metbugat gullugy belledi. 

C/2021 A1 (Leonard) kometasyny 2021-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda amerikaly astronom Gregori Leonard açdy. Bu 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda açylan ilkinji kometa boldy. Ol kosmos giňişliginden, takmynan, 70 km/s tizlik bilen uçýar.


09.04.2026 23:43
3.1k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......

28.03.2026 15:20
17k+

Şu gün Ýer bir sagatlyk tümlüge bürener

Şu gün, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda bütin dünýäde millionlarça adamlar, müňlerçe şäherler we ýüzlerçe meşhur binalar taryhda iň köpçülikleýin ekologiýa aksiýasyna goşular. Olar planetamyzyň geljegi baradaky......

17.03.2026 16:13
6.5k+

BMG dünýäniň sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşynyň kartasyny çap etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň 2026-njy ýyla çenli demografiýa çaklamalaryna esaslanýan täze maglumatlary dünýäniň dürli sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşyny görkezýär. Bu görkeziji ilatyň ýarysynyň görkezilen ýaşdan uly, ýarysynyň bolsa has ýaşdygyny görkezýär...

13.03.2026 16:54
5.1k+

Alymlar Ýer şarynyň çaklamalardan-da çalt gyzýandygyny aýdýarlar

«Geljekdäki Ýer», «Ýer-suw Ligasy» we «Howany öwrenmegiň Bütindünýä Maksatnamasy» halkara ylmy guramalary Ýer şarynyň klimat ulgamynyň ýagdaýy barada ýyllyk beýanyny çap etdiler. Resminama hemra gözegçilikleriniň maglumatlaryna we köpýyllyk ölçeglere esaslanýar...