BMW-niň käbir modelleri täze logotip bilen çykarylar

  • 03.12.2021 01:34
  • 12k+

Geljek ýylyň 24-nji maýynda BMW-niň sport bölümi özüniň 50 ýyllygyny bellär. Şunuň bilen baglylykda, awtoulag öndürijisi öz muşdaklaryna birnäçe aýratyn önümleri hem-de täze modelleri hödürlemekçi bolýar diýip, avtovzglyad.ru ýazýar.

Eýýäm ýanwar aýyndan başlap, kuzowynda M nyşany bolan sport görnüşleri üçin, şeýle hem M Sport paketli adaty awtoulaglar üçin 1973-1978-nji ýyllarda ulanylan üç reňkli ýarym halkaly nusgawy BMW Motorsport logotipi elýeterli bolar.
Ondaky mawy reňk - BMW kompaniýasyny, gyzyl reňk - awtoulag sportuny, benewşe reňk - awtoulag öndürijisi bilen sportuň arasyndaky baglanyşygy aňladýar. Mundan başga-da, ýubileý awtoulaglary şol ýyllardaky reňklerinde hödürlener.
Ýeri gelende bellesek, täze BMW M modelleri 2022-nji ýylda peýda bolar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....