Özbegistanda bäş ýylda 20-den gowrak uly gidroelektrik stansiýasy gurlar

  • 03.12.2021 00:42
  • 4.8k+

Özbegistanyň häkimiýetleri geljek bäş ýylda 20-den gowrak uly gidroelektrik stansiýasyny (GES) gurmagy maksat edinýärler. Şeýle meýilnamalar Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gidroenergetika pudagynda taslamalaryň hödürlenmegine bagyşlanan ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Umumy kuwwaty 740 megawatt bolan elektrostansiýalaryň gurluşygy boýunça 21 sany uly taslama işlenip düzüldi. Hususan-da, geljek ýyl umumy kuwwaty 170 megawatt bolan ýedi taslamany, 2023-2024-nji ýyllarda 150 megawatt kuwwatly 12 taslamany, 2025-2026-njy ýyllarda 420 megawatt kuwwatly iki taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär” – diýlip, Özbegistanyň prezidentiniň saýtyndaky habarda aýdylýar.

Mirziýoýewiň metbugat gullugy Özbegistanda energetika pudagynyň işjeň ösdürilýändigini belleýär. Nebit we gaz bilen işleýän elektrik stansiýalaryndan başga-da, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden – Gün şöhlesinden, ýelden we suwdan elektrik öndürýän desgalar gurulýar.

2017-nji ýylda Mirziýoýewiň karary bilen “Uzbekgidroenergo” paýdarlar jemgyýeti döredildi. Soňky wagtda Özbegistanda 11 sany täze gidroelektrik stansiýasy guruldy we öň gurlan sekiz sany gidroelektrik stansiýasy döwrebaplaşdyryldy. Netijede, 244 megawattlyk goşmaça elektrik öndüriji kuwwat döredildi.

Özbegistanyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyl boýunça respublikanyň öndüriji kuwwaty 12,9 müň megawatt boldy, 1,85 müň megawatt ýa-da 14,3% gidroelektrik stansiýalarynyň paýyna düşdi. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli energiýa öndüriji kuwwaty 15,8 müň megawatta çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. 2030-njy ýyla çenli Özbegistanyň häkimiýetleri 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende elektrik energiýasynyň öndürilişini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýärler.


18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....