Finlýandiýa 2025-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygy bolar

  • 03.12.2021 00:25
  • 2.8k+

Finlýandiýa ÝHHG üçin ýubileý ýyl bolan 2025-nji ýylda bu guramanyň başlygy bolar. Bu barada Finlýandiýanyň DIM-i habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“ÝHHG Finlýandiýany 2025-nji ýyl üçin başlyk hökmünde saýlady. 2025-nji ýylda Helsinkide Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk boýunça Maslahatyň geçirilmegine we Helsinki jemleýji aktynyň tassyklanmagyna 50 ýyl dolýar. Geljekki başlyklyk Finlýandiýanyň Ýewropada parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmek işleriniň we meýilleriniň anyk subutnamasydyr” – diýlip, habarda aýdylýar.

Öň, Finlýandiýanyň prezidenti Sauli Niinistýonyň aýtmagyna görä, “Helsinkiniň ruhy” (1975-nji ýylda Helsinkide gol çekilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Maslahatynyň jemleýji aktynda görkezilen ýörelgeler) “global zerurlykdyr” we bu, onuň pikiriçe, dagynyklygy we ynamsyzlygy ýeňip geçmek üçin täsirli usuldyr”.

Finlýandiýa iň soňky gezek 2008-nji ýylda ÝHHG-niň başlygy bolupdy.


21.02.2026 01:46
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG bilen 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

20.02.2026 15:30
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 19-njy fewralda Wena şäherinde geçirilen 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda esasy üns howpsuzlyk, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meselelerine gönükdirildi...

21.12.2025 18:44
2.2k+

Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde ýylyň jemini jemledi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde çykyş edip, her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

12.12.2025 12:48
3.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi...