Türkmenistanda «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinar geçirildi

  • 01.12.2021 08:02
  • 3.1k+

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinar geçirildi. Oňa dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasyň Baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky Rus drama teatryň Baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň Baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu webinaryň geçirilmeginiň diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl-de, eýsem, jemgyýetiň medeni ösüşi arkaly parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu babatda çykyş edenler, uly ösüşiň, medeniýetiň, şol sanda edebiýatyň we sungatyň dörän ýerinde parahatçylyga, agzybirlige we hoşniýetlilige has güýçli islegiň bardygyny adamzadyň köpasyrlyk taryhynyň subut edýändigini nygtadylar.

Şeýle hem çäräniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ruhy we ahlak kadalarynyň we gymmatlyklarynyň ösmegine goşant goşýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny gorap saklamakda we ösdürmekde edýän hemmetaraplaýyn tagallalary barada gürrüň edildi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......