Türkmenistanda GDA-nyň parlamentara forumy geçiriler

  • 30.11.2021 11:54
  • 4.9k+

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. 

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentara assambleýasynyň 53-nji mejlisine gatnaşdy. Russiýa Federasiýasyna bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredýändigi barada aýdyldy.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara forumy Türkmenistanda geçirmek bilen bagly pikir alyşmalaryň bolandygyny habar berdi.

Türkmen Lideri parlamentara forumy Türkmenistanda geçirmek baradaky teklibi makullap, bu çäräniň guramaçylyk işlerini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de birnäçe tabşyryklary berdi.


şu gün 23:05
162

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
671

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......