Lionel Messi ýedinji gezek «Altyn topuň» eýesi boldy

  • 30.11.2021 08:59
  • 12k+

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi “Altyn topuň” – France Football žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Parižiň “Şatle” teatrynda geçirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Messi ses bermäniň jemi boýunça 613 utuk gazandy. Ses berişlikde ikinji orny polşaly Robert Lewandowskiý (“Bawariýa, Germaniýa, 580), üçünji orny italiýaly Žoržinýo (“Çelsi”, Angliýa, 460) eýeledi. Onuň yzyndan gelýär: fransiýaly Karim Benzema (“Real”, Ispaniýa, 239) we N’Golo Kante (“Çelsi”, Angliýa, 186), portugaliýaly Kriştianu Ronaldu (“Mançester Ýunaýted”, Angliýa, 178), müsürli Mohammed Salah (“Liwerpul”, Angliýa, 121), belgiýaly Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”, Angliýa, 73), fransiýaly Kilian Mbappe (PSŽ, 58), italiýaly Janluiji Donnarumma (PSŽ, Fransiýa, 36).

2021-nji ýylda Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Amerikanyň kubogynyň ýeňijisi boldy, ýaryşyň ahyrynda ol iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi. Ol “Barselonanyň” düzüminde Ispaniýanyň kubogyny aldy, şeýle-de 30 gol bilen ýurduň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy. Awgust aýynda argentinaly hüjümçi erkin agent hökmünde “PSŽ-e” geçdi we iki ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol şu möwsümde “PSŽ” üçin 11 oýna gatnaşyp, dört gol geçirdi we üç netijeli geçirim etdi.

“Altyn top” France Football hepdelik žurnalynyň baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan esaslandyryldy. Bu baýrak ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Blekpul” klubunyň oýunçysy Stenli Mettýuza berildi, baýragyň eýesini futbol žurnalistleri kesgitlediler. 

2020-nji ýylda “Altyn top” baýragynyň gowşurylyşy taryhda ilkinji gezek ýatyryldy, munuň sebäbi hem koronawirus pandemiýasy boldy.

Messi “Altyn topuň” ýedinji gezek eýesi boldy, bu rekorddyr. Öň, ol 2009, 2010, 2011, 2012, 2015 we 2019-njy ýyllarda bu baýraga eýe bolupdy. Onuň ýakyn bäsdeşi portugaliýaly Kriştianu Ronaldunyň bäş “Altyn topy” bar (2008, 2013, 2014, 2016, 2017).


şu gün 19:10
359

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....