Apple Türkiýede öz enjamlarynyň satuwyny bes etdi

  • 29.11.2021 01:43
  • 6.6k+

Häzirki wagtda Apple-iň Türkiýedäki onlaýn dükanyndan hiç zat satyn alyp bolmaýandygy baradaky maglumatlar Internetde peýda boldy. Muny 9to5Mac salgylanyp, pcnews.ru habar berdi.

Apple-iň Türkiýedäki onlaýn dükanyna girip göreniňde, göräýmäge ähli zat öňki-öňkülik, hiç hili üýtgeşme ýok ýaly duýulýar. Aslynda welin bu beýle däl. Munuň üçin käbir gadjetleri sebete goşmaga synanyşmak ýeterlikdir, sebäbi platforma muny etmäge rugsat bermez diýip, çeşme belleýär.
9to5Mac-daky işgärleriň käbiriniň pikiriçe, munuň sebäbi Türkiýedäki käbir ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşykly. Iň soňky maglumatlara görä, häzirki wagtda ýurtda milli puluň hümmetiniň pese gaçma derejesi 20%-e ýetýär.
Liranyň 2018-nji ýyldan bäri durnuksyz negatiw tendensiýany görkezýändigi bellenilýär.
Öň, Tmcars.info türk lirasynyň nobatdaky pese gaçyş rekordyny täzeländigi hakynda ýazypdy.


22.05.2026 14:27
5.2k+

Türkiýede öte baýlaryň sany 5 ýylda iki esse artdy

Soňky bäş ýylyň içinde Türkiýede öte baý adamlaryň sany 93,5% artyp, 2174-den 4208 adama ýetdi. Bu barada Knight Frank kompaniýasynyň «The Wealth Report 2026» hasabatyna salgylanýan Ekonomim neşiri habar......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....