«Kalaşnikow» kiçi elektromobilleri öndürmek üçin patent aldy

  • 29.11.2021 01:46
  • 7.6k+

"Kalaşnikow" konserni kiçi elektromobilleriň iki prototipi üçin patent aldy. Olaryň suratlary Russiýanyň Intellektual eýeçilik federal institutynyň maglumatlar bazasynda çap edildi. Bu barada VC.ru habar berdi.

Suratlardan görnüşine görä, elektrikli awtoulaglar üç ýa-da dört tigirli bolar. Onuň üç tigirli wersiýasy has kiçi bolup, onda gapylar göz öňünde tutulmandyr. Beýle awtoulaga diňe iki adam ýerleşip bilýär. Şeýle kiçidigine garamazdan, onuň ýük bölümi hem bar diýip, çeşme belleýär.

Žurnalistler patentlenen awtoulaglaryň "Kalaşnikowyň" ozal görkezen beýleki minikarlarynyň konsepti bilen meňzeş häsiýetlere eýe bolup biljekdigini aýdýarlar. Olaryň iň ýokary tizligi sagatda 80 kilometre, elektrik ätiýaçlygy bolsa 150 kilometre barabar bolar. Onuň köpçülikleýin önümçiliginiň haçan başlajakdygy welin entek belli däl.

Ýatlap geçsek, 2018-nji ýylda "Kalaşnikow" konserni 30 sany "IŽ Pulsar" elektrikli motosiklini we dört sany “Ovum” elektrikli ulagyny öndüripdi.


düýn 15:03
1k+

Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi....

20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....