ÝUNESKO emeli intellekt gurşawynda ilkinji global etiki ülňüleri kabul etdi

  • 28.11.2021 16:24
  • 2.4k+

ÝUNESKO agza döwletler emeli intellektiň ösüşine degişli bolan taryhda ilkinji global etiki ülňüleri kabul etdiler. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Görkezmeler emeli intellektiň jemgyýete berýän artykmaçlygyny ulanmaga we bu tehnologiýalar bilen  baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga kömek etmek üçin gönükdirilendir” – diýlip, habarda aýdylýar.

ÝUNESKO emeli intellektiň jemgyýetiň öňünde durýan, hususan-da rak keselini bejermekde, açlyga garşy göreşde we mätäç ýurtlara kömek bermegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda çylşyrymly meseleleri çözmäge mümkinçilik berýändigini belleýär. Şunuň bilen birlikde, bu tehnologiýalar “şahsy durmuşyň syrlary üçin howp” we “köpçülikleýin yzarlaýşy guramak howpy” ýaly “görlüp-eşidilmedik kynçylyklary” döredýär diýlip, metbugat relizinde bellenilýär.

Hususan-da, görkezmeler kompaniýalary we döwletleri şahsy maglumatlary goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga çagyrýar. “Adamlar şahsy maglumatlarynyň ýazgylaryna girmäge we hatda bozmaga mümkinçilik almaly” – diýlip, etiki ülňülerde kesgitlenýär.

Görkezmeleriň ýene bir düzgüni köpçülikleýin yzarlaýşy guramak üçin emeli intellektiň ulanylmagynyň gadagan edilmegine degişlidir.

Şeýle-de, resminamada howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin emeli intellekti işjeň ulanmak çagyryşy bar. Şol bir wagtyň özünde, emeli intellektiň işi daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldir, ýagny gürrüň şeýle ulgamlaryň işinde uglerod yzyny azaltmak we energiýany sarp etmek barada gidýär.


29.12.2025 16:17
2.1k+

Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy

Fransuz elektron sahnasy resmi taýdan ýurduň Maddy däl medeni mirasynyň milli sanawyna girizildi. Bu çözgüt geljekde žanry ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyç barada Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati habar berdi...

12.12.2025 12:51
2.7k+

Italýan aşhanasy adamzadyň maddy däl medeni mirasy diýlip ykrar edildi

Italiýanyň aşhana däpleri resmi taýdan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Italiýanyň premýer-ministri Jorja Meloni habar berdi. Çözgüt Nýu-Delide geçirilen sessiýada Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan kabul edildi...

01.11.2025 09:39
1.3k+

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisi öz işine başlady

30-njy oktýabr – 13-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň medeniýet ministri A...

18.07.2025 10:37
4.2k+

Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy (Kapowa gowagy hem diýilýär) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Parižde geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 47-nji mejlisinde kabul edildi. Gowak ýene-de 25 sany beýleki medeni ýadygärlikler bilen bilelikde sanawyň üstüni ýetirdi...