2030-njy ýyla çenli Nissan-yň Ýewropadaky satuwynyň 80%-i elektromobilleriň we gibridleriň paýyna düşer

  • 27.11.2021 08:21
  • 6.7k+

Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi elektrokarlaryň önümçiligine maýa goýumlaryny 30% artdyrmagy maksat edinýär diýip, “Nikkei Asia” neşiri ýazýar. Muny incrussia.ru ýetirýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli satuwynyň ýarysyndan gowragynyň elektrik ýa-da gibrid hereketlendirijili awtomobilleriň paýyna düşmegini isleýär.

Täze maýa goýumlary batareýalaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de täze ulag modellerini işläp taýýarlamaga gönükdiriler. Nissan 2026-njy ýyla çenli ýene 10 modeli çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa Renault we Mitsubishi Motors bilen hyzmatdaşlykda elektrokarlar üçin batareýalary satyn almagyň hasabyna bahalary pese düşürmegiň üstünde işlär. Häzirki wagtda batareýalar awtomobilleriň bahasynyň, takmynan, 30-40%-ini emele getirýär.

Nissan-yň Beýik Britaniýada ýerleşýän ýeke-täk ýewropa zawody elektrokarlary we gibrid awtomobilleri döretmek üçin gaýtadan enjamlaşdyrylar. Şeýle-de, kompaniýa awtomobilleriň elektrikleşdirilmegini çaltlaşdyrmak üçin maýa goýar. Soňky 10 ýylda Nissan bu pudaga, takmynan, 26 mlrd dollar maýa goýdy.

Nissan-yň meýilnamalary boýunça, onýyllygyň ahyryna çenli Hytaýda satylýan ulaglaryň 50%-i, Ýewropada 80%-i elektrik ýa-da gibrid bolar. 2019-njy ýylda awtomobilleriň global satuwynyň, takmynan, 10%-i elektromobilleriň paýyna düşdi, şol bir wagtyň özünde Hytaýda bu görkeziji 2%, Ýewropada 10% boldy. 

Häzirki wagtda Hytaý Nissan üçin iň uly bazardyr: 2020-nji ýylda kompaniýa ýurtda 1,45 mln awtomobil satdy, Ýewropada degişli döwürde 390 müň awtomobil satyldy. Bu bazarlaryň ikisi-de ýaponiýaly awtoöndürijiniň dünýädäki satuwynyň ýarysyny emele getirdi.


düýn 07:23
1.9k+

Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin X-Trail krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobil daşky görnüşinde ujypsyzja üýtgeşmelere, täze programma üpjünçiligine we sürüji üçin kämilleşdirilen kömekçi ulgamlaryna eýe boldy...

11.03.2026 17:18
2.4k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

09.03.2026 15:37
6.8k+

ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi

ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär. Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar...

07.03.2026 11:53
3.6k+

Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi

Lexus kompaniýasy özüniň UX krossoweriniň elektrik görnüşiniň önümçiligini we satuwyny togtatdy. Bu barada "Auto Express" neşiri brendiň Britaniýadaky bölüminiň tassyklamagyna salgylanyp habar berdi. Şonuň bilen birlikde, agzalan model baradaky maglumatlar Lexus-yň Ýewropa we Ýaponiýa üçin niýetlenen resmi internet çeşmelerinden hem aýryldy...