Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş banky hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çeker

  • 27.11.2021 07:37
  • 4k+

Hökümetiň 26-njy noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow türkmen Lideriniň garamagyna kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekişmek baradaky teklibi hödürledi.

Bellenilişi ýaly, maliýeleşdirmäge degişli eksport ugurly taslamalara Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda döredilen degişli döwlet toparynda seretmek we seljermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň kompaniýalarynyň we hususy kärhanalarynyň gatnaşmagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bazaryň täze ugurlarynda üstünlikli işleýärler, pudaklaýyn maksatnamalary, dürli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, daşarky bazarlara bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşlerini çykarýarlar.

Türkmen Lideri wise-premýeriň hödürlän tekliplerini makullap, bellenen işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 09:55
230

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
645

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....