«Türkmengaz» dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn alar

  • 27.11.2021 06:58
  • 3k+

26-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow türkmen Lideriniň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu serişdeleri “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” gaz känine degişli bolan gaz geçirijilerini we gazy ilkinji arassalaýjy desgalarynda poslamadan goramak hem-de suw aýlanyşygy ulgamynda suwlary arassalamak işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly iberdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....