Robert Lewandowski Çempionlar ligasynda özboluşly rekord goýdy

  • 25.11.2021 00:07
  • 11k+

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji aýlawynyň myhmançylykdaky oýnunda “Bawariýa” Kiýewiň "Dinamosyndan" üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde Robert Lewandowski (14-nji minut), Kingsli Koman (42) gol geçirdi.  Kiýewlilerden Denis Garmaş tapawutlandy (70). Ýatlap geçsek, Lewandowski öz goluny üstaşyr zarba bilen geçirmegi başardy.

Polşaly hüjümçi häzirki Çempionlar ligasynyň bäş oýnunda eýýäm dokuz gol geçirdi. Mundan başga-da, Lewandowski taryhda bu ýaryşda iki gezek yzly-yzyna 9 oýunda gol geçiren ilkinji oýunçy boldy (ilkinji gezek 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçiripdi). Bu görkeziji boýunça rekord eýesi “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bolup durýar. Ol Çempionlar ligasynyň yzly-yzyna 11 oýnunda gol geçirdi.

Çempionlar ligasynyň yzly-yzyna, azyndan, 9 oýnunda gol geçiren oýunçylar şulardan ybarat:

  • Ruud wan Nistelroý (9)
  • Kriştianu Ronaldu (11)
  • Robert Lewandowski (9)

şu gün 13:41
6.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
5.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....