Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

  • 22.11.2021 23:52
  • 3.7k+

Apple awtonom awtomobilini döretmek taslamasy baradaky täze gürrüňlerden soň, Kaliforniýadaky kompaniýanyň paýnamalary iň ýokary derejä ýetdi. Tehnologiýa ägirdiniň bazar kapitallaşdyrmasy 2,62 trillion dollara ýetdi, bu hem Apple kompaniýasyna Microsoft-dan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrülmäge mümkinçilik berdi. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Mundan öňki iň ýokary dereje şu ýylyň 7-nji sentýabrynda, ýagny kompaniýanyň paýnamalarynyň biri 157,26 dollardan satylanda gazanyldy. Bu habaryň ýazylan wagty olaryň bahasy 159,94 dollar boldy. Şeýlelik bilen, şu ýyl kompaniýanyň paýnamalary 22%-den gowrak ýokarlandy. Soňky 12 aýyň dowamynda olaryň bahasy 33%-den gowrak ýokarlandy. Apple-iň gymmatly kagyzlarynyň bahalarynyň şeýle ösüşi oňa bazar kapitallaşdyrmasy boýunça oktýabr aýynyň ahyrynda iň soňky çärýek hasabatyny neşir edenden soň, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolan Microsoft-dan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. 

Apple-iň paýnamalarynyň ýokarlanmagy kompaniýanyň awtomobil bazaryna çykjakdygy baradaky gürrüňler bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýa bu ugurda öňden bäri iş alyp barýar, şeýle-de bolsa ilkinji awtomobiliň çykarylmagyna azyndan üç ýyl galdy. Umuman, Apple-iň içinde 2025-nji ýylda ilkinji awtomobili çykarmak maksady optimistik hasaplanýar. 


29.04.2026 15:00
1.2k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......

22.03.2026 12:15
1.6k+

Tim Kuk: Mac kompýuterlerini ilkinji gezek satyn alan müşderileriň sany hepdelik rekordy täzeledi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk geçen hepdede ilkinji gezek Mac kompýuterini satyn alan ulanyjylaryň sany boýunça rekord goýlandygyny mälim etdi. Islegiň artmagy geçen hepde dükanlara çykarylan täze MacBook Neo modeliniň satuwa başlamagy bilen gabat geldi...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...