Microsoft Windows 10-yň November 2021 Update täzelenmesini çykardy

  • 21.11.2021 07:52
  • 2.8k+

Microsoft kompaniýasy Windows 10 üçin November 2021 Update täzelenmesini (21H2) çykardy. Bu barada kompaniýanyň bloguna salgylanyp, XDA Developers habar berdi. Muny kanobu.ru ýetirdi.

Windows 10 November 2021 Update täzelenmesi ozaldan goşulan, ýöne işjeňleşdirilmedik birnäçe funksiýany öz içine alýar. Bularyň arasynda has ygtybarly simsiz aragatnaşyk üçin WPA3 H2E goldawy, Windows Hello for Business arkaly parolsyz girmek, şeýle hem Windows Subsystem for Linux-de (WSL) и Azure IoT Edge for Linux on Windows-da (EFLOW) grafiki prosessorynda hasaplama mümkinçiligi bar.

Microsoft mundan beýläk Windows 10-y ýylda bir gezek täzelejekdigi barada aýtdy. Ozal Windows 11 çykýança täzelenmeler ýazda we güýzde çykýardy, ýöne indi täze funksiýalar 12 aýda diňe bir gezek goşular. Kompaniýa Windows 10-y 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli goldamagy meýilleşdirýär.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
887

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...