Sankt-Peterburgda ÇL-iň finalyna 40 müň daşary ýurtly janköýer gatnaşar

  • 19.11.2021 14:47
  • 4.8k+

Futbol boýunça 2021/22 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finaly üçin Sankt-Peterburga 40 müňe golaý daşary ýurt janköýeriniň gelmegine garaşylýar. Bu barada Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Boris Pýotrowskiý žurnalistlere aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Sankt-Peterburg Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmek hukugyny 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda aldy. Ilkibaşda rus şäheri 2020/21 möwsüminde esasy Ýewropa ýaryşynyň final oýnuny kabul etmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli 2019/20 möwsümindäki pleý-off oýunlarynyň köpüsi Sekizleriň finaly görnüşinde oýnaldy, bu bolsa ozaldan meýilleşdirilen finalyň bir ýyl yza süýşürilmegine sebäp boldy. Indi Sankt-Peterburgda Çempionlar ligasynyň finaly 2022-nji ýylyň 28-nji maýynda geçiriler.

"Çempionlar ligasynyň finaly 27-nji maýda bellenilýän Şäheriň güni bilen gabat gelýär. Çäreler 25-nji maýdan 30-njy maý aralygynda geçiriler" diýip, Pýotrowskiý aýtdy. Şeýle hem ol şähere 40 müň daşary ýurtly janköýeriň gelmegi bilen baglylykda döräp biljek transport meseleleri barada hem durup geçdi.


şu gün 13:51
4.4k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......